Ylmy seljermeleriň önümçilige oňyn täsiri
04:15 17.12.2024 2581
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
YBTGI-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ýurt abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilişi, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetde tutýan möhüm orny, häzirki wagtda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda alnyp barylýan ylmy işler, toplumyň pudaklarynyň täze tehnologiýalar, enjamlar bilen yzygider üpjün edilişi, ylmyň soňky gazananlarynyň, şol sanda ylmy seljermeleriň önümçilige ýetirýän oňyn täsiri barada çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň dowamynda ýaş alymlar, ylmy işgärler özleriniň alyp barýan ylmy seljermelerini kärdeşleri bilen paýlaşdylar we özara pikir alyşdylar.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň barşynda zähmet üstünlikleri bilen tapawutlanýan göreldeli işgärleriň birnäçesine guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
«Döwletabat» käninde gazy bökdençsiz ibermek üçin enjamlary abatlamak meýilleşdirilýär
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada şertnama baglaşmagy hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde informatika boýunça birinji halkara olimpiada geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde türkmen we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça I halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda energetika we beýleki ugurlarda täze taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-19-njy fewral aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky çykyşy
Sizi doganlyk Täjigistanyň topragynda, ýurduň paýtagty Duşenbe şäherinde mübäreklemäge şatdyryn. Şu gün men Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandym.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy.