Türkmenistanyň Prezidenti GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

11:21 30.12.2021 11818

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3648/original-161cc026008c81.jpeg

28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy.

Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň hem-de wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlaryň bilelikdäki işiň oňyn tejribesini, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Türkmen döwletiniň Lideri sammitde çykyş edip, "Dialog - parahatçylygyň kepili" diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.

COVID-19 netijelerine garşy göreşi dowam etmegiň zerurlygyny nygtamak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli we çalt depginde dikeldilmeginiň, ulag gatnaşyklarynda çäklendirmeleriň aradan aýrylmagynyň derwaýys ähmiýetini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, pandemiýa we onuň netijelerine garşy göreşmekde toplanan milli hem-de halkara tejribesi bu işiň üstünlikli netijesine umyt baglamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda medeni we ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň orun tutmalydygyny hem nygtady.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.