Kitaplaryň göwheri
04:10 17.12.2024 5055
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda neşir edilen «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow açyp, täze şadiwanyň ähmiýeti barada durup geçdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan gymmatly maglumatlaryny, paýhas hazynasyny öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz bu eserini döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini şöhlelendirýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr, ýolgörkezijidir.
Soňra çykyş eden ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary kitabyň girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýändigini, Milli Liderimiziň bular baradaky garaýyşlarynyň we pikirleriniň şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edilýändigini, alty bölümden ybarat «Ruhy miras» babynda bolsa müdimi mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine üns çekilýändigini nygtadylar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän nobatdaky taryhy-filosofik eseriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç bolup hyzmat etjekdigi şübhesizdir.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.