Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bellenildi

06:41 14.12.2024 5580

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12619/original-1675bcf6c52ace.jpg

29-njy dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkyna iberen gutlagynda belleýşi ýaly, bu sene Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidir.

Penşenbe güni irden Prezident Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen çärä Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Şol gün paýtagtymyzda Mejlisler merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Konsert maksatnamasy belli artistleriň, ýaş estrada aýdymçylarynyň ýurtlara we yklymlara özboluşly syýahata alyp gidýän çykyşlaryndan ybarat boldy. Söýgi, dostluk, daşymyzy gurşap alýan dünýä barada azerbaýjan, iňlis, ermeni, hindi, gazak, gyrgyz, rus, täjik, türk we özbek dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.