Nebitgazçylar Şa serpaýy bilen sylaglandylar

18:01 12.12.2024 3956

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12602/original-1675b25102acce.jpg

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar  bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýewe, Türkmenistanyň Döwlet ministri ― «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat  Babaýewe, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewe hem-de Mary nebitgaz orta-hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli artist-wokalisti Kakageldi Hommadowa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa Şa serpaýlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýokary guramaçylykly geçirilen dabaraly çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Şa serpaýyna mynasyp bolan ýolbaşçylar, zähmetsöýer işgärler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän ýylynda halkymyzyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligini öwrenmekde, edebi mirasyny dünýä ýaýmakda, halkara derejesinde wagyz etmekde nusgalyk işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, döwlet sylagynyň synmaz döwletlilikdigini buýsanç bilen bellediler.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylary Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykowyň, Meýlis Halbaýewiň, Ýegenmyrat Ýegenowyň joşgunly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.