Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
04:15 10.12.2024 3438
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Türkmenistanda şaýbaly hokkeýi ösdürmek, wagyz etmek, ýaş hokkeýçileriň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýaşlary höweslendirmek, sporta çekmek, iň güýçli toparlary hem oýunçylary kesgitlemek maksady bilen geçirilen ýaryş diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Açyk birinjilige «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Oguzhan» hokkeý klubunyň ýetginjek türgenleri hem gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, «Oguzhanyň» oýunçylary ýurdumyzyň iň güýçli türgenleriniň hatarynda durýar. Gazçylaryň topary bu gezek hem ýaryşda öz ussatlygy bilen tapawutlanmagyň hötdesinden geldi. Netijede, «Oguzhan» topary ähli garşydaşlaryndan ynamly ýeňişler bilen üstün çykdy we 1-nji ýeri eýeledi hem-de açyk birinjilikde hormat hatyna, kuboga mynasyp boldy.
Geçirilen oýunlaryň netijesi boýunça «Oguzhan» hokkeý klubundan Ýusup Geldimyradow ýaryşyň iň ökde goragçysy, Dawut Adylow iň ökde hüjümçisi hökmünde emin agzalary tarapyndan yglan edildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.