Türkiýe Aşgabatda eksport mümkinçiliklerini görkezdi
14:19 06.12.2024 4146
4-6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi.
Söwda-senagat edarasynda geçirilýän çärä Türkiýeden 70-den gowrak kompaniýa we assosiasiýalar gatnaşdy. Bu ýerde türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk, elektronika, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkiýe biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.
Döwlet Baştutany Gutlagynda bu serginiň iki ýurduň dost-doganlyga esaslanýan ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Serginiň açylyş dabarasyndaky çykyşlarda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Dabarada Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat çykyş edip, ikitarapalaýyn gatnaşyklary ösdürmekde şular çaly çäreleriň möhüm ähmiýetini belledi.
Sergide türk kompaniýalary derman serişdeleriniň önümçiligindäki, bejeriş işindäki hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem mebelleri öndürmekde we senagat harytlaryny gaplamakda gazanylanlar görkezildi. Türkiýäniň gurluşyk serişdelerini, tehnikalary öndürýän öňdebaryjy kompaniýalary hem işjeň gatnaşdylar.
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň şu gezekki sergisi diňe bir türk öndürijileriniň kuwwatlyklaryny, öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezmäge giň şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga-da mümkinçilik berdi.
4-nji dekabrda Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň esasy maksady geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Foruma gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginde bu çäräniň möhüm ähmiýetini bellediler.
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygyň kuwwatyny okgunly artdyrýar. Soňky ýyllarda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we häzirki wagtda täzeleri durmuşa geçirilýär. Geljegi uly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etmek bilen, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna has-da işjeň gatnaşmak isleýändiklerini aýtdylar.
5-nji deklabrda türk kompaniýalarynyň täze önümleriniň, döwrebap tehnologiýalarynyň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi.
Forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.