Türkmenistan YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

15:27 04.12.2024 3045

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12532/original-1675004c5dbdff.jpg

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.

A.Gurbanow öz çykyşynda «YHG üçin 2025-nji ýyla çenli görüş» we «Aşgabat hereketler ylalaşygy» ýaly konseptual resminamalaryň täze hakykatlara uýgunlaşmak üçin mäkäm meýdançany döredendigini, ýakyn geljek üçin bilelikdäki işlere anyk ugurlary kesgitlemäge ýardam berendigini aýratyn belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň YHG-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça garaýşy hem-de YHG-nyň ösüş strategiýasy boýunça teklipleri hödürlendi.

Hususan-da, ulag we logistika ulgamynda, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti bellendi. Önümçilik zynjyrlaryny döretmek; kiçi we orta telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet bermek bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýerlikliligi beýan edildi.

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de döwletara gatnaşyklarynyň konstruktiw nusgalaryny döretmek boýunça YHG-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýum, «ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tekliplere, şol sanda YHG-nyň giňişliginde ykdysady ösüşiň täze ýollarynyň gözlegine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Geňeşiň iş maksatnamasy tassyklandy, Sekretariatyň we YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işleri baradaky hasabatlar kabul edildi, 2025-nji ýyl üçin býujet tassyklandy we Eýranyň YHG-da başlyklygynyň netijeleri jemlendi. 2025-nji ýylda başlyklyk Gazagystan Respublikasyna geçirildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça strategiki başlangyçlary we amaly ädimleri beýan edýän Maşat kommýunikesi kabul edildi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.