Durmuş ulgamyny ösdürmek - Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň özeninde

17:59 03.12.2024 7030

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12521/original-1674e9ab7273e7.jpg

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň serişdeleriniň aglab bölegi durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriler. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýakynda geçirilen maslahatynda beýan edildi. Şol mejlisde «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň taslamasy biragyzdan makullanyp, kabul edildi.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we täze iş orunlaryny döretmegiň hasabyna ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň netijeliligini artdyrmak üçin şertleri döretmegiň, adamlaryň saglygyny berkitmegiň, ömür dowamlylygyny uzaltmagyň, bilim, zehin we medeni mümkinçiliklerini ösdürmegiň, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmegiň, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň 2025-nji ýylda hem bu syýasatyň esasy maksatlarynyň hatarynda boljakdygy aýdyldy.

Çykyş edenler ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik ugrunyň esasy görkezijileriniň biri bolan aýlyk zähmet haklary we girdejiler baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, bu ugurda Türkmenistanda alnyp barylýan syýasatyň zähmet haklarynyň we girdejileriň düzgünleşdirilmegini üpjün edýändigini, onuň ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilendigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýyldan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi nobatdaky gezek ýokarlandyrylar. Mundan başga-da, raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär.

Maýa goýumlaryň kesgitli möçberi ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýär.

2025-nji ýylda telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak işleri dowam etdiriler.

Şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Şeýlelikde, Döwlet býujetiniň çykdajy bölegini maksatnamalaýyn peýdalanmak we özleşdirmek üpjün edildi. Girdeji bölegi barada aýdylanda, ol ykdysadyýeti özgertmegiň, innowasion ösüşi gazanmagyň, hususy pudagyň paýyny giňeltmegiň hasabyna artdyryldy.

Deputatlar «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanyp, döwletiň we jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir hem-de hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary-da biragyzdan kabul edildi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.