Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Wengriýa bardy
13:40 30.11.2024 4152
29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş sapary bilen bardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Budapeşte şu gezekki sapary hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Şol gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege düşünişmek, Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýar.
Türkmenistan Wengriýa bilen özara diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýandygyny bellemek gerek. Şunda ýokary we Hökümet derejesindäki duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Wengriýanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylda, dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň 2014-nji ýylda Wengriýa resmi saparynyň, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda Budapeşte amala aşyran iş saparynyň netijeleri munuň aýdyň mysalydyr.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Şeýle hem Gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň ileri tutulýan ugurlary, Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisde kabul edilen teklipleriň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşi Türki döwletleriň guramasynyň maslahat beriji guramasydyr. Onuň düzümine belli jemgyýetçilik işgärleriniň hataryndan bellenilýän Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Aksakgallary girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu geňeşiň agzasydyr.
Bu düzümiň 15-nji mejlisi 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanda geçirilipdi.
Häzirki wagtda 5 döwlet onuň agzasy bolup durýar: Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan guramanyň agzasy bolup durýar. Türkmenistan we Wengriýa synçy derejesine eýe.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.