Merkezi Aziýa ýurtlary “ýaşyl ösüşi” ilerletmek üçin Duşenbe jarnamasyny kabul etdiler

06:11 30.11.2024 4374

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12496/original-167496e8ad8543.jpg

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri 28-nji noýabrda “ýaşyl” ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň zerurlygyny ykrar etdiler we möhüm ugurlarda, şol sanda, energetikada, sanly söwdada, sanly utgaşmada, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmekde, maýa goýumlaryny höweslendirmekde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde, suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlykda we innowasion ekoulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge borçlandylar. Bu barada BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşenbe Jarnamasy BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPEKA) 2024-nji ýyldaky Ykdysady forumynyň we Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisiniň netijesi boýunça kabul edildi. Bu çärelere BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK) hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (ESCAP) goldaw bermeginde guraldy.

"BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasy ýaşyl maýa goýumlary özüne çekýän we durnukly ösüşi üpjün edýän merkez bolmaga çalyşmalydyr" diýip, ESCAP-yň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alisjahbana öz çykyşynda belledi.

Bu ýyl Forum howa üýtgemelerine garşy göreş, tehnologiýalar we innowasiýalar, şeýle-de durnukly ulag hem-de energetika ýaly esasy ugurlara bagyşlandy. Çykyş eden wekiller BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň sebitinde howa üýtgemeleriniň ykdysadyýete we ekoulgamlara edýän täsiri, şol sanda buzlaryň eremegi, suw ýetmezçiligi we hapalanmanyň artmagy ýaly meseleler barada pikir alyşdylar.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň ýokary derejeli wekilleri BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň Köp taraply ynam gaznasy boýunça pikir alyşdylar. Bu gazna sebitiň aýratyn zerurlyklaryna uýgunlaşdyrylan howa, innowasiýa we "ýaşyl" taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär.

BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählumumy ykdysadyýete goşulyşmagyny goldamaga, şeýle-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly meselelerde serhetara hyzmatdaşlyk üçin platforma üpjün etmäge gönükdirilendir.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.