Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan gazlaryny azaltmak üçin serişdäniň önümçiligi başlandy
06:43 28.11.2024 5028
Türkmenistanda ilkinji gezek awtomobilleriň çykarýan zyýanly gaz zyňyndylaryny azaltmak üçin AUS 32 sertifisirlenen serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önüm dizel hereketlendirijilerde goşmaça iş suwuklygy hökmünde ulanylyp, zyýanly gaz zyňyndylarynyň daşky gurşawa bolan täsirini peseltmäge ýardam edýär diýip, ORIENT habar berýär.
“Bir Kuwwat” hususy kärhanasy “BK Blue” haryt nyşanly serişdesiniň goýberilmegini özleşdirdi. Täze önüm Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşygy we ösüşi” (ITTC-2024) atly sergisinde tanyşdyryldy.
“Bir Kuwwat” HK-nyň direktorynyň orunbasary Maksat Nurberdiýewiň bellemegine görä, häzirki wagtda kärhana ýurduň içerki bazarynyň täze türkmen önümi bilen üpjün edilmegine üns berýär, daşary ýurtlara eksporty bolsa indiki tapgyrda meýilleşdirýär.
Mundan başga-da, kärhana giň ulanyşly BK Blue minerallaşdyrylmadyk suwuň önümçiligini ýola goýdy. Bu suw AUS 32 serişdesiniň önümçiligi üçin hem ulanylýar. Durmuşda ony kir we gap ýuwujy maşynlarda, ütüklerde we howany çyglandyryjylarda ulanmagy maslahat berilýär. Senagat we hojalyk pudaklarynda ol ýylylyk energiýa geçiriji toplumlarynda we ýylylyk tabşyryjylarda, sowadyjy ulgamlarynda we çyglandyryjylarda ulanylýar.
“Bir Kuwwat” HK-nyň ýene bir möhüm önümi awtomobillerde hereketlendiriji ulgamynyň doňmagynyň öňüni alýan antrfrizler bolup dur. Kärhananyň, esasan, Türkmenistanyň çäginde alynýan çig mal serişdelerini ulanýandygyny bellemelidir. Onuň ähli işi, ýagny önümiň goýberilmeginden olaryň daşalýan kanistra (gaplaryň) gaýtadan ýasalmagyna çenli, ekologiýa taýdan arassa önümçilige esaslanýar. Kompaniýa müşderilere geljekde gaýtadan işlemek üçin öňki ulanylan gaplary yzyna gaýtarmagy teklip edýär, bu bolsa daşky gurşawa bolan ýaramaz täsiri azaltmaga mümkinçilik berýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.