Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

06:18 27.11.2024 4175

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12467/original-16745e1b433d25.jpg

25-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, ABŞ-da Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar hormat goýmak, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar.

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady ulgam ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işde “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň uly goşandy bellenildi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýändigini we bu meselede öndürijileriň, sarp edijileriň, üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini nazara almak esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.