Bakuwda COP29-da howa boýunça täze toparlaýyn maksat – 2035-nji ýyla çenli ýylda azyndan 300 mlrd dollar bölüp bermek tassyklanyldy

15:07 25.11.2024 4736

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12452/original-167441f37e8e2a.webp

Bakuwda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça COP29 maslahatynda Täze kollektiwleýin mukdar maksadynyň (NCQG) jemleýji wersiýasy tassyklanyldy. Ol 2035-nji ýyla çenli her ýylda azyndan 300 milliard dollar serişdäni bölüp bermekligi göz öňünde tutýar, bu bolsa ozalky bellenen 100 milliard dollarlyk maksadyň üç esse köpelendigini aňladýar diýip, Interfaks habar berýär.

COP29 maslahatynyň umumy mejlisiniň ikinji bölümi ýekşenbe güni giç agşam tamamlandy.

Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjy ýurtlar täze maliýe guralyny – "Baku maliýeleşdirme maksatlaryny" (Baku Finance Goal) döretmek barada ylalaşdylar. Bu gural ösüp barýan ýurtlarda 2035-nji ýyla çenli howa taslamalaryny ösdürmek üçin her ýylda 1,3 trillion dollar toplamagy göz öňünde tutýar.

"Howa boýunça maliýeleşdirme ilkinji nobatdaky ileri tutulýan wezipe boldy. Karz aşagynda galan, tebigy betbagtçylyklar sebäpli ejir çekýän hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça ösüşden yza galan ösüp barýan ýurtlar serişdelere örän mätäçlik çekýärler" diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş COP29-nyň netijeleri barada aýtdy. Onuň pikiriçe, bu ylalaşyk ählumumy maýlamagyň 1,5 gradus derejesinde saklanyp galmagy üçin zerurdy.

"Men maliýeleşdirme we ýaramaz täsirleri gowşatmak boýunça has uly maksatly netijä garaşýardym. Emma bu ylalaşyk mundan beýläk ösüş üçin esasy binýady üpjün edýär" diýip, BMG-niň Baş sekretary aýtdy.

COP29-nyň prezidenti, Azerbaýjanyň ekologiýa we tebigy baýlyklar ministri Muhtar Babaýew öz gezeginde COP29-nyň başlyklygynyň geljek ýylda hem dowam edip, COP30-yň başlyklygyny ýerine ýetirjek Braziliýa goldaw berjekdigini aýtdy. "Biz ähli ýurtlara öz milli goşantlaryny (NDC) indiki ýylyň fewralyna çenli täze görnüşde hödürlemegi maslahat bereris" diýip, ol belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň howa meseleleri boýunça komissary Wopke Hukstra žurnalistlere häzirki geosyýasy döwürde howa maliýeleşdirişi boýunça gutarnykly ylalaşyk gazanylmagynyň uly üstünlikdigini aýtdy. "Biz has köp möçberde maliýeleşdirmäni üpjün etmek üçin köp iş etdik. 300 milliard dollar maksady has hakykata ýakyn. Şeýle hem maliýeleşdirmäni geljekde artdyrmak boýunça borçnama kabul etdik. Howa üýtgemegine has ejiz ýurtlaryň bu serişdelerden peýdalanmagy üpjün ediler" diýip, Hukstra aýtdy.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Saýmon Stil Bakuwda kabul edilen çözgütleriň ekologiýa taýdan arassa energiýa ulgamyndaky ösüşe itergi berjekdigini belleýär. "Bu howa krizisiniň öň hatarynda duran, aýratyn-da ejiz toparlary goramak üçin zerur çäreleri maliýeleşdirmäge kömek eder. COP29, şeýle-de, onýyllyk dartgynly işden soň ählumumy uglerod bazarlary boýunça ylalaşyk gazandy. Muňa öňki birnäçe COP maslahatynda ýetip bolmandy" diýip, ol aýtdy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.