“Galkynyş” gaz käninde senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
07:03 25.11.2024 5126
«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusyndan dürli aralykdaky gatlaklardan senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy.
Bu giýida 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy.
Burawlaýjylaryň bu işde netijeli, şol bir wagtda-da ýokary hünär derejesini talap edýän çylşyrymly tehnologiýalary ulanýandyklary bellärliklidir.
Gorlary boýunça ägirt uly, tehniki görkezijileri boýunça deňsiz-taýsyz hasaplanýan “Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.
“Galkynyş” käninden başga-da, ýurdumyzda onlarça, şol sanda Hazar deňziniň türkmen kenarynda känler özleşdirilýär. Munuň özi tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň uglewodorod serişde binýadyny we ony geljekde ulanmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ygtybarly we durnukly ulgamlaryny döretmäge, ýokary hilli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürmäge ukyply gaýtadan işleýän pudagy kemala getirmäge gönükdirilendir diýip, TDH habar berýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.