Türkmenistanyň Prezidenti: “Türkmengaz” DK gyş möwsümine doly taýýarlyk görmeli

11:54 23.11.2024 4086

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12443/original-16741c226acc6c.jpg

22-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, konserniň “Türkmengazüpjünçilik” we “Türkmengazakdyryş” birleşikleri tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem ygtybarly üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Gaz bilen işledilýän enjamlaryň tehniki ýagdaýyna, olardan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edilýär. Tebigy gazy tygşytly we howpsuz ulanmak, enjamlardan talabalaýyk peýdalanmak maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş işleri geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini gyş möwsüminde tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmegiň möhüm bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň gyş möwsümine doly taýýarlyk görmelidigini, tebigy gazyň sarp edilişine, howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.