Türkmenistan we ÝB Hazarüsti gaz ulag geçelgesini ösdürmek üçin hyzmatdaşlygy berkidýär
04:51 22.11.2024 5210
20-njy noýabrda Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek boýunça ÝB-niň Utgaşdyryjy platformasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, ÝB-niň, halkara maliýe düzümleriniň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn seminar geçirildi.
Türkmenistanyň ileri tutulýan ulag taslamalaryny we halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde olary maliýeleşdirmekligiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak duşuşygyň esasy maksady boldy. Oňa gatnaşyjylar Hazarüsti ulag geçelgesiniň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin ulag infrastrukturalaryny ösdürmäge üns berdiler.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Pälwanow gatnaşdy.
Seminaryň geçirilmegini Ýewropa komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdirligi, Aziýa ösüş banky we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary, şeýle hem Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi we ýurdumyzdaky beýleki diplomatik wekilhanalar goldady didiýp, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.