«Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi»
09:52 19.11.2024 3046
Şeýle at bilen geçen hepdede Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen guralan ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň ýangyç-energetika pudagyna degişli edaralarynyň işgärleri, dostlukly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, aspirantlar, ylmy edaralaryň hünärmenleri gatnaşdylar.
Forumy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow açdy we bu möhüm çäräniň geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny aýdyp, ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyş derejesiniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny nygtady. Maslahatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň täzeçil görnüşleri, gazanylan tejribeler barada pikir alyşmagyň, ösüş maksatly teklipleri paýlaşmagyň zerurdygyny belläp geçdi.
Soňra maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekilleriň çykyşlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda nebit, gaz, himiýa, nebitgazhimiýa pudaklarynyň geljegi uly. Oňa ýurduň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty, ägirt uly tebigy baýlyklary, amatly maýa goýum taslamalary, geoykdysady taýdan amatly ýerleşişi, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny döwlet Baştutanynyň üstünlikli durmuşa geçirmekde alyp barýan ägirt uly tagallasy mümkinçilik berýär. Türkmenistanda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň netijesinde, sebitde taýsyz gazhimiýa toplumlary guruldy, nebithimiýa pudagynyň önümçiliginde ýokary derejede öňegidişlikler gazanyldy. Bu ugurda täze önümçilikleri gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi daşary ýurtly işewürler üçin täze mümkinçilikdir.
Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň wekili öz çykyşynda himiýa senagatynda häzirki döwrüň meseleleri we olary çözmegiň döwrebap usullary barada durup geçdi, şeýle hem daşky gurşawy goramakda ýerine ýetirilmeli taslamalar bilen tanyşdyrdy. Ol, esasan-da, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmalydygyny belläp geçdi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň barşynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem çykyş edip, ýaşlara ylym almakda, hünär öwrenmekde dünýä ülňülerine laýyklykda döredilýän şertler, uglewodorodlar gazylyp alnanda metanyň hem-de kömürturşy gazynyň howa zyňyndylaryny azaltmak boýunça işjeňleşdirilýän tagallalar, önümçiliklere ýokary hilli döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we beýleki wajyp temalarda öz garaýyşlaryny, pikirlerini beýan etdiler.
Dünýäniň 18 döwletinden wekilleriň gatnaşmagynda guralan halkara ylmy-amaly maslahat 3 bölümde, ýagny uniwersitetiň mejlisler zalynda, maglumat tehnologiýalar merkeziniň zalynda we mejlisler zalynda geçirildi. Forumyň ylmy işgärlere, hünärmenlere, uniwersitetleriň mugallymlaryna, talyplaryna daşary ýurtly ugurdaş düzümler bilen pikir alyşmakda, himiýa we gazhimiýa senagaty bilen bagly teklipleri paýlaşmakda, bu pudaklarda tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellemelidir.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.