Türkmenistanyň we Özbegistanyň diplomatlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
06:13 19.11.2024 3518
Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşykda taraplar iň ýokary derejedäki dostlukly we ynamdar syýasy gepleşiklere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda 2024-nji ýylda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy.
Bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň hem-de iki ýurduň milli önümleriniň sergilerini geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine hem garaldy. Mundan başga-da medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk hem ara alyp maslahatlaşyldy.
Taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlylyklaryny beýan etdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.