Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň garamagyna iberdi
06:13 19.11.2024 5211
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberdi. Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow geçen anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.
Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.