Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça COP29 mejlisine gatnaşýar
06:31 15.11.2024 6083
Türkmenistanyň wekiliýeti howanyň üýtgemegi bilen bagly 11-nji noýabrda Baku şäherinde badalga alan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisine (COP29) gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
COP29 howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy syýasaty ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdançalaryň biri bolup durýar. Gatnaşyjy ýurtlar howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we energetika geçişini çaltlaşdyrmak barada pikir alyşarlar.
Bu gezekki mejlisiň gün tertibine laýyklykda, ýurtlar üçin howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmek bilen bagly täze ählumumy maksat kesgitlener.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.