Türkmenistanyň we BMG-niň wekilleri Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

14:51 12.11.2024 2128

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12355/original-16732eb18c78ae.jpg

11-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, hünärmenleriň arasynda yzygiderli tejribe alyşmagyň, sebitiň döwletleriniň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözýän utgaşdyryjy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar ýylyň ahyryna çenli geçiriljek bilelikdäki çärelere taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilen indiki ýyl göz öňünde tutulýan meýilnamalar bilen baglanyşykly meselelerine hem garadylar.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.