Türkmenistanyň we Germaniýanyň wekilleri maýa goýumlar, nebitgaz, “ýaşyl” ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
16:27 07.11.2024 4510
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrliginiň binasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Mejlis iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň ösdürmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň ikinji bölüminiň işi Germaniýanyň işewür wekilleriniň we assosiasiýalarynyň hem gatnaşmagynda geçirilip, onuň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygy, maliýe-bank, energetika, nebit-gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, metan zyňyndylaryny azaltmak, daşky gurşawy goramak, suw we oba hojalygy, lukmançylyk senagaty, ulag, logistika we infrastruktura, «ýaşyl ykdysadyýete» geçiş, şonuň ýaly-da kiçi we orta telekeçiligi goldamak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri dogrusynda pikir alşyldy.
Şunuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşygynyň çäklerinde Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Şeýle hem, Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol kartasynyň» durmuşa geçirilşi we bu babatda German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen bilelikde ýerine ýetirlen işler we öňde durýan meseleler bellenildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.