Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi
04:15 05.11.2024 2836
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde bu gün ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy täzeçe ösüşlere eýe bolýar.
Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda «mawy ýangyjy» diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak babatda möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy önümler we tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, işleri çalt depginde ýokary hilli ýerine ýetirmeklige şert döredýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary döwlet Baştutanymyzyň uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça berýän möhüm tabşyryklary esasynda döredijilikli zähmet çekip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünliklerine besleýärler. Konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary täzelikde ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Çaljulba gaz känindäki 263-nji belgili ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Müdirligiň burawlaýjylary guýynyň buraw işlerini
850 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Olar 797 — 794 metr çuňlukdaky gatlaklarda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde bu ulanyş guýusyndan ýokary basyşly gaz akymyny aldylar. Bu guýynyň gazuw işleriniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň
işgärleri tarapyndan teklip edilendigini bellemelidir. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, bu ulanyş guýusy her gije-gündizde 194 müň kub metr tebigy gaz berýär. Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň esasy aýratynlygy önümiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagydyr. Munuň özi hili babatynda dünýä ülňüleriniň ölçeglerine doly laýyk gelýär. Guýynyň berýän «mawy ýangyjy» ykdysady taýdan örän bähbitli bolar.
Ýeri gelende aýtsak, häzir «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy, 231-nji, 253-nji, 260-njy, 263-nji, 283-nji belgili ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.