Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy
11:14 04.11.2024 6625
Türkmenistanda Ählumumy metan borçnamasynyň maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleriň toplumy we “Ýol kartasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 1-nji noýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Wise-premýer metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlyk baradaky başlangyja aýratyn üns çekdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi.
Şundan ugur alnyp, 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny ýene-de bir gezek tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna goşant goşmaga gönükdirilendir.
«Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär.
«Ýol kartasyny» iş ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde metan zyňyndylaryny azaltmak babatda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumatlary ýaýratmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna ýokarda agzalan «Ýol kartasynyň» we ony durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreler toplumynyň taslamalary hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň geljekde hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda ählumumy çärelere goşýan goşandyny artdyrjakdygyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.