Aşgabatda CIET 2024 halkara sergisi we maslahaty açyldy
11:15 04.11.2024 5094
3-nji noýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady.
Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmen energiýa forum” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar.
“Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti goruma gatnaşyjylara gutlagynda belleýär.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň hem ýokary depginde ösdürilýändigini belledi. “Häzirki döwürde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi şäherlerimizi we obalarymyzy elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam edýär” diiýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
Giň sergi pawilýonlarynda milli senagat pudagynyň esasy wekilleri we bu ugurdaky işleri üstünlikli özleşdirýän kiçi hususy kärhanalar tarapyndan öndürilýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşleri görkezildi. Bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugruny saýlap alan Türkmenistan telekeçilik işini, işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döredýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary döretmäge, senagat, durmuş-medeni maksatly dürli desgalaryň gurluşyklaryna işjeň gatnaşýarlar.
Sergä gatnaşýan daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzümi iň gowy dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary, önümlerini görkezmäge we köpugurly serginiň myhmanlaryny dürli ugurlarda hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alan, işe ýaňy başlan täze kärhanalar bar.
Türkmenistanyň uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallarynyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň meselelerine-de uly üns berilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli himiki serişdeleriň, şol sanda mineral dökünleriň önümçiligi ýola goýuldy. Şol bir wagtda iň köp isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak üçin işjeň çäreler görülýär.
Üç günlük forum öz işini tamamlandan soňra, «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy, forumyň netijeleri boýunça metbugat maslahaty geçiriler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.