Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitinde ykdysadyýet, energetika we durnukly ulag boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi
06:46 25.10.2024 6346
Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika we durnukly ulag ulgamlarynda başlangyçlary dogrusynda durup geçdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy TDH-da getirilýär.
“Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär. Bu babatda ýurdumyz BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş etdi, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň gatnaşmagyna bil baglaýarys” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
“Umuman, häzirki ählumumy geoykdysady meýiller barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň barha artýan ähmiýetini Türkmenistan şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edilýän gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun bermäge ukyplydyrlar” diýip, döwlet Baştutany nygtady.
“Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Gürrüň Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Ýurdumyzyň beýleki başlangyçlary Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmekden ybaratdyr.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.