Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Premýer-ministri bilen energetika ulgamynda taslamalary maslahatlaşdy

19:14 16.10.2024 4863

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12135/original-1670f74ac5d686.jpg

Yslamabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işi gutarmagyň ähmiýeti nygtaldy

Hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işi gutarmagyň ähmiýeti nygtaldy dýip, DIM habar berýär.

Ulag-logistika pudagynda bilelikdäki işleriň ähmiýeti hem bellenildi. Häzirki wagtda bu ugurda türkmen tarapy Pakistanyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, şolaryň arasynda National Logistics Corporation (NLC) aýratyn orny eýeleýär. NLC bilen hyzmatdaşlyk Hytaý – Pakistan – Owganystan – Türkmenistan ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine çykalgasy bolan ýük gatnawlaryň mukdaryny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Pakistan Yslam Respublikasynda bolýar.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.