Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň maslahatynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

14:06 15.05.2024 4798

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/10875/original-166445179142c4.jpg

14-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly Bilelikdäki maslahatynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Umumy mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, soňky ýyllarda onuň okgunly häsiýete eýedigini bellediler. Bilim, howpsuzlyk çygryndaky hyzmatdaşlyk, howanyň üýtgemegi, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, energetika, sanly ykdysadyýet, suw serişdelerini dolandyrmak we söwda hyzmatdaşlygyň geljeginiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Umumy mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Maslahat öz işini bilim, söwda, howpsuzlyk we ýaşyl ykdysadyýet ýaly ugurlarda üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlyk taslamalaryna bagyşlanan bölümçelerde dowam etdirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlyga bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.

Başga makalalar
16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.