Birža söwdalarynda daşarky bazara “Türkmennebit” DK-nyň önümleri ýerlenildi

Birža söwdalarynda daşarky bazara “Türkmennebit” DK-nyň önümleri ýerlenildi

8-nji ýanwarda geçirilen birža söwdalarynyň dowamynda dürli ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça birnäçe ylalaşyk baglaşdylar.

Owganystanly telekeçiler gidroarassalanan dizel ýangyjyny we «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny satyn almak barada şertnama baglaşdylar.

Özbegistanly telekeçiler bolsa «SN-350» kysymly binýatlyk ýagyny we «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny satyn aldylar.

BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «BND 60/90» kysymly nebit ýol şepbik bitumyny satyn almak boýunça ylalaşyklar baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi 7 sany şertnama baglaşylyp, olaryň umumy bahasy 4 million 720 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada turkmennebit.gov.tm saýty habar berýär.

Nebitgaz №39
PDF görnüşinde ýükle