Gahryman Arkadagymyz Rejep Taýyp Ärdogan bilen döwletara hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Gahryman Arkadagymyz Rejep Taýyp Ärdogan bilen döwletara hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä iş saparynyň çäklerinde 10-njy noýabrda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, “Bir millet — iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýarlar, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde ýokary derejeli özara saparlaryň, duşuşyklaryň we gepleşikleriň möhüm orny eýeleýändigini belledi.

Iki döwletiň hem dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wajyp meseleleri, hususan-da, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda goşant goşýandygyny nygtap, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigini belledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dokma, energetika, gazhimiýa pudaklarynda, senagat pudagynda we beýleki ugurlarda köp sanly taslama durmuşa geçirildi. Şu günki gün bu hyzmatdaşlyk dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz 10-njy noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji konferensiýasyna (COP 31) gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Nebitgaz №45
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№45

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 10-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993