Hökümet mejlisinde halkara Türkmen energiýa ylmy-amaly maslahatyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

Hökümet mejlisinde halkara Türkmen energiýa ylmy-amaly maslahatyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

13-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara Türkmen energiýa ylmy-amaly maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, ylmy-amaly maslahata halkara hyzmatdaşlaryň ýöriteleşdirilen tehnologik tanyşdyrmalary bilen gatnaşmagy hem-de bu ýerde nebitgaz ýataklaryny geljekde ylmy taýdan esaslandyrylan sanly çözgütler esasynda özleşdirmekde täze ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary görkezmek meýilleşdirilýär.

Bu möhüm ähmiýetli çäräniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen utgaşykly esasda geçirilmegi halkara inžener-tehnologiki kompaniýalaryň we ylmy-barlag institutlarynyň bilermenleriniň ýurdumyzda döredilen şertler bilen tanyşmaklaryna, öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmaklaryna mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Nebitgaz №45
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№45

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 10-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993