10-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä iş saparynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Ahmet Çalyk bilen duşuşygyň dowamynda taraplar energetika, dokma senagaty we gurluşyk ýaly dürli ulgamlary öz içine alýan döwletara hyzmatdaşlygyň depginli häsiýete eýedigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertler döredilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” tassyklanandygynyň ähmiýetini nygtady we ony durmuşa geçirmäge türk kompaniýalarynyň uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Ahmet Çalyk türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli tamamlanjakdygyna ynandyrdy.
Erman Ylyjak bilen duşuşykda “Rönesans Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge esasy üns berildi. Bu kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşyp gelýär, bu bolsa iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini has doly ulanmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin meýilnamalarynyň, ýagny ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy, senagat önümçiligini giňeltmegi we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýan meýilnamalarynyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky taslamalary durmuşa geçirmekdäki ornuna üns çekildi.
Erman Ylyjak kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanýandygyny we munuň üçin toplanan tejribesini hem-de bar bolan mümkinçiliklerini ulanmaga taýýardygyny tassyklady.