Milli Liderimiz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip bellän pähimli, paýhasly sözlerinden ugur alnyp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda internet wideoaragatnaşyk arkaly halkara Nebitçi inženerçilik jemgyýeti (Society of Petroleum Engineers — SPE) bilen «Uly gazly karbonat gatlakly känleri işläp geçmekligiň tejribesi» atly mowzuk bilen ylmy-tejribe seminary geçirildi.
Onuň meýilnamasyna laýyklykda, Nebitçi inženerçilik jemgyýetiniň (SPE) sebitleýin direktory Ignatiý Wolnow, känleri işläp geçmek bölüminiň başlygy Denis Fomin, esasy utgaşdyryjysy Ýaraslawa Orlowa dagy «Işläp geçmegiň dürli tapgyrlarynda çylşyrymly karbonat gatlakly gaz guýularyny özleşdirmegiň tejribesi», «Çözgütleri kabul etmek üçin esasy faktor hökmünde gatlagy modelirlemegiň ähtimallyklary», SPE halkara jemgyýetiniň elektron kitaphanasynda makalalaryň saýlanylyşy, ýakyn wagtda geçirilmeli çäreler» atly mowzuklar bilen çykyş etdiler.