Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Türkmenistanyň nebit gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan sepgitlere ýetmek üçin nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wajyp meseleleriniň biri hem tebigy serişdeleriň rejeli we peýdaly ulanylmagyny üpjün etmekdir. Tebigy gaz ýataklaryny ylmy taýdan öwrenmekde we esaslandyrmakda, barlaglaryň has netijeli ugurlaryny kesgitlemekde ýokary derejedäki ylmy barlaglaryň alnyp barylmagy möhümdir. Nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin önümçilikde ýüze çykýan meseleleri çözmek we ol çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak, şeýle hem işlenip geçilýän känleriň ahyrky gaz berijilik koeffisiýentini ýokarlandyrmak wajyp meseleleriň biri bolup durýar.
Ulanyşyň ahyrky döwründe guýulara gatlak suwunyň gelmegi bilen turbalarda duz kesmekleriniň emele gelmegi, poslamanyň çaltlanmagy we gidrat emele gelmegi ýaly zyýanly hadysalar döreýär. Bu hadysalaryň döremegi bilen guýularda düýpli bejergi işlerini geçirmeli bolýar. Düýpli bejergi işleri geçirilýän döwründe guýulary netijeli basmarlamak, bejergiden soňra özleşdirmek meseleleri ýüze çykýar. Gaz we gazkondensat känlerinde gatlak basyşynyň peselmegi sebäpli guýyny basmarlamakda we özleşdirmekde birnäçe kynçylyklar döreýär. Gaz guýularyny basmarlamakda ulanylýan erginiň gatlaga, guýa edýän täsiri, guýy özleşdirilende geçiriljek işleriň tertibi, basyşyň balansy, suwuklygyň tutýan göwrümi, diwardaky suwuklygyň gidrostatiki basyşyny öwrenmek wajyp meseleleriň biri bolýar. Anomal pes gatlak basyşly (APGB) gaz guýularynda düýpli bejergi işlerini geçirmekde hem-de ulanyşyň ahyrky döwründe gaz guýularyny rejeli ulanmakda suwuklygyň gatlaga ýuwudylmagynyň öňüni almak, düýpçäk zolagynyň süzülme häsiýetini saklamak we netijeli basmarlamak hem-de özleşdirmek üçin basmarlama erginlerini we tehnologiýalaryny saýlamak derwaýys meselelerdir.