«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýyly belent sepgitlere besleýärler. Il-günümiziň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy ýaly belent maksatlary ýaran edinen müdirligiň işçi-hünärmenleri şu günler welaýatyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmegi bilen bir hatarda, türkmen gazynyň halkara hil derejesinde dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny eýelemegi ugrunda hem öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.
Daşoguzly gazçylaryň birleşen tagallalary bilen «Döwletabat — Derýalyk» halkara ähmiýetli baş gaz geçirijisiniň ugry boýunça türkmen gazy bu gün Russiýa Federasiýasyna we doganlyk Özbegistan döwletine akdyrylýar. Bu ugurda müdirligiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasy bolan «Derýalyk» önümçilik edarasynyň işçi-hünärmenleriniň şu ýylyň deslapky iki aýynyň jemleri boýunça gazanan zähmet netijeleri-de diýseň guwandyryjydyr. Edaranyň gazçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen şöhratlandyrmaklyga şu günlerden uludan taýýarlyk görýändiklerini buýsanç bilen aýdýarlar.