Dünýä boýunça himiýa ugurlaryna degişli alymlaryň anyklamagyna görä, çig nebit düzümi boýunça çylşyrymly önüm bolup, esasan, bäş sany (takmynan C-uglerod — 82-87 göterim, H-wodorod — 11-15 göterim, S-kükürt — 0,01-6 göterim, O-kislorod — 0-2 göterim, N — azot-0,01-3 göterim hasabynda) himiki elementlerden durýar, aýratyn ýagdaýlarda bolsa çig nebitiň düzüminde gaty ujypsyz möçberde gaýry birleşmeleriň gabat gelýändigi kesgitlenen. Olardan iň ýönekeýi we esasysy hem-de tebigy ugurdaş gazyň düzüminiň köp bölegini tutýan ýokarda agzalan iki elementiň, ýagny uglerodyň we wodorodyň birleşmesi bolup, uglewodorod düşünjesini emele getirýän CH4 — metan hasaplanylýar. Köpsanly barlaglaryň netijesinde alymlaryň kesgitlemegine görä we himiki dilde beýan edilende, ähli uglewodorod birleşmeleri «açyk» we «ýapyk» görnüşdäki molekulaly zynjyrly himiki birikmelerden durýar. Uglewodorod doýgunlygynyň derejesi boýunça olar, esasan, parafine, sikloparafine, olefine, asetilene we aromatik uglewodorodlara bölünýär.
Görşümiz ýaly, ýeriň astyndan çykarylýan çig nebit düzümi boýunça ýerasty himiki barlaghana meňzeýär. Çykarylan çig nebit ýörite usullar arkaly harytlyk görnüşinde taýýarlanyp, nebiti gaýtadan işleýän zawoda tabşyrylýar. Zawoda gelen harytlyk nebit düzümi we häsiýeti boýunça degişli toparlara bölünip, düzgün boýunça, ilki bilen, barlaghanada deslapky görnüşde gaýtadan işlenilýär we ondan aňrybaşy alyp boljak nebit önümleriniň görnüşleri hem-de olaryň möçberi anyklanylýar. Şeýlelikde, barlaghanada geçirilýän ýörite barlagyň esasynda gaýtadan işlenjek harytlyk nebitden, takmynan, näçe benzin, kerosin, dizel ýangyjy, çalgy ýaglary, parafin, mazut we gaýry önümleri öndürip boljakdygyny kesgitlemäge mümkinçilik döreýär. Ýöne onuň himiki önümdigine garamazdan, her bir känden çykarylýan çig nebitiň düzümi we häsiýeti boýunça özboluşly bolmagynyň gaty ähtimaldygyny bellemek gerek.