Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tehniki ýumuşa laýyklykda dizel hereketlendirijileri (ДВС ДЭС 320кВт) üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça №2023/24 belgili tender yglan edýär
Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:
1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly;
3. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 15 (on bäş) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 222 6-43-66
e-mail salgysy: tatneft.tender@mail.ru
Tehniki soraglar boýunça habarlaşmak üçin:
+993 62 74 18 80
e-mail salgysy: KrivilevYD@tatneft.tatar