Türkmenistanyň nebitgaz mümkinçilikleri Parižde maýa goýum forumynda beýan ediler
18:19 21.02.2024 8327
24-25-nji aprelde Pariž şäheriniň “Hyatt Regency Etoile” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumy (TEIF 2024) geçiriler. Ol “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen hyzmatdaşlykda “TürkmenForum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen bilelikde guralýar.
Tutuş dünýäniň energiýanyň täze görnüşlerine giň gerimde geçýän döwründe Türkmenistan hem özgerýär. Bu ýurt köp zady – dünýäniň guryýer giişligindäki iň iri gaz ýatagyny gaýtadan işlemegi, Gün we ýel elektrik energetikasyny ösdürmek üçin amatly toprak-howa şertlerini hyzmatdaş taraplara hödürläp biler. Türkmenistanyň baý çig mal mümkinçilikleri Parižde geçiriljek halkara forumynyň üns merkezinde bolar. Onda öňdebaryjy milli energetika kompaniýalary strategik taýdan ähmiýetli bolan ugurda daşary ýurt maýadarlary üçin bar bolan giň mümkinçilikleri tanyşdyrarlar.
“TEIF 2024” maýa goýum forumynyň esasy maksady Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod ýataklary özleşdirmek üçin göni maýa goýumlary çekmek, geljegi uly nebit-gaz ýataklary özleşdirilende innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, “Galkynyş” gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryna girişmek, TOPH gaz geçirijisni gurmak, gazhimiýa zawodlaryny gurmak hem-de metanyň we ugurdaş gazyň zyňyndylaryny azaltmak barada bolar.
Forumda geljegiň ählumumy energetikasynda Türkmenistanyň eýeleýän orny, türkmen energetika toplumynyň täze maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa, uglewodorod serişdelerini gazyp almakda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinde metanyň zyňyndylaryny we kömürturşy gazyny azaltmak, Türkmenistanyň energetika toplumynda täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we gazy himiýada ulanmak, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ugurlaryna ünsi çekýän Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak, arassa energetika we häzirki zaman düzümleýin taslamalaryny ilerletmekde maliýe düzümleriniň tutýan orny ýaly ugurlara üns berler.
Maýa goýum forumyna gatnaşjak wekiliýetleriň sanawynda CNPC, BP, Exxon Mobil, Petronas, ADNOC, Mitro International, Buried Hill, NAPECO, Dragon Oil, ENI, Lukoýl ýaly iri kompaniýalaryň, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýatdan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi, Ählumumy gaz merkezi, Gazy eksport edijileriň maslahaty, Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy, Energetika hartiýasynyň sekretariaty ýaly degişli iri halkara guramalaryň, BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş Banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky ýaly düzümleriň wekilleri bar.
Halkara forumyň çäklerinde geçiriljek işewürlik duşuşyklaryna Türkmenistanyň energetika, gurluşyk we ulag-kommunikasiýa toplumlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy maýadarlaryň habarlylygyny ýokarlandyryp, geljegi uly taslamalar barada giňişleýin öwrenmäg mümkinçilik berer.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam eder
Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.