TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit önümleri geleşikleriň özenini düzdi
15:05 20.02.2024 6819
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, nah ýüplügiň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 563 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny we polipropileni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürt kislotasyny, float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 220 million 162 müň manatdan gowrak boldy.
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler
Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.
TEIF 2025 energetika, maýa goýumlar we tehnologiýa hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açar
Türkmenistan ykdysady diplomatiýanyň täze derejesine çykýar. 2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherindäki häzirki zaman KLCC maslahatlar merkezinde geçiriljek TEIF 2025 halkara forumy energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda ýylyň esasy wakalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.