Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Dubaýda elektroenergetika we nebit senagaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

04:46 14.02.2024 4351

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/9911/original-165cb4e44de293.jpg

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň BAE-niň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşenbe güni geçiren duşuşyklarynda elektroenergetika we nebit ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, 12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýyň elektrik we suw üpjünçilik Departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar  suw hojalygy we elektrik energiýasy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň wajyp ugry hökmünde kesgitlenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berdi.

Şol gün Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde R.Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň degişli döwlet edaralarynyň arasynda nebit senagatynda gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem bu pudakda BAE-iň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ylalaşyklara esaslanyp, taraplar olary durmuşa geçirmegiň anyk ädimlerini maslahatlaşdylar we bu ugurda ýakyn geljek üçin edilmeli işleri beýan etdiler.

Duşuşyga Abu-Dabiniň geljegiň energiýasy boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al-Ramahi hem gatnaşdy.

Başga makalalar
162318bb12ef0a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder

Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.


168847ff5062bf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.


16884669046a47.jpg
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


162318c153c55e.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam eder

Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.