Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary bilen döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

10:40 04.12.2023 7982

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/9377/original-1656d704429174.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni Dubaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan köpugurly türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garamaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçirilýän “COP28” maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri boldy.

Döwlet Baştutany sammitde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigini nygtap, ýokary derejeli duşuşykda öňe sürlen başlangyçlaryň howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, bu derwaýys meseläni çözmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýan Türkmenistan howanyň üýtgemegine we onuň ýaramaz täsirlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa laýyklykda daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmak, ekologiýa taýdan  we serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, hususan-da, nebitgaz, ulag we elektroenergetika ulgamlarynda  ornaşdyrmak   boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.

Umumy pikire görä, türkmen ykdysadyýetiniň bu möhüm pudaklary uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek we bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bar bolan kuwwaty has doly derejede amala aşyrmaga ýardam berer.

Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine BAE-de tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, emirlikler tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Başga makalalar
162318bb12ef0a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder

Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.


168847ff5062bf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.


16884669046a47.jpg
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


162318c153c55e.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam eder

Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.