Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty öz işine başlady
17:14 25.10.2023 6398
Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty öz işine başlady.
Foruma gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli işleri amala aşyrýar.
Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçiliklerine ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny ornaşdyrmak hem-de nebitgaz senagatynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy talap bolup durýar.
Ýokary derejede geçirilýän halkara forum daşary ýurtly gatnaşyjylary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrar. Ol bu ugurda işleýän hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma döreder. Şeýle duşuşyklar özara gatnaşyklaryň has netijeli ýollaryny gözlemekde, göni gepleşikleri geçirmekde möhümdir. Netijeli gepleşikler bolsa Türkmenistanyň baý ýangyç-energetika serişdelerini özleşdirmäge we rejeli ulanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara ýol açýar.
Forumyň umumy mejlisi ählumumy energetikanyň geljegine bagyşlandy. Ilkinji bolup çykyş eden «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazananlary barada gürrüň berdi.
Soňra SOCAR kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf ählumumy energetikanyň geljegi barada pikirlerini paýlaşdy, onlaýn görnüşde CNPC kompaniýasynň prezidenti Hou Sizýun çykyş etdi.
OGT-2023 umumy mejlisiň barşynda şeýle hem halkara guramalarynyň, iri milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Umumy mejlisiň moderatory bolup ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor çykyş etdi.
Forumyň gün tertibine iň baý tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, energiýa bazarlaryny ösdürmek we maýa goýum işlerini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod gaýtadan işlemek, nebit himiýa, gaz himiýasy, himiýa senagaty we elektrik energiýasy, ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň ornaşdyrylmagy, innowasiýa tehnologiýalarynyň we ösen ösüşleriň we mundan başga-da köp sanly möhüm meseleler girýär.
Maslahata Azerbaýjan, Gazagystan, Türkiýe, ABŞ, Russiýa Federasiýasy, BAE, Hytaý, Ýaponiýa, Malaýziýa, Beýik Britaniýa, Italiýa, Kipr, Ispaniýa, Germaniýa, Şweýsariýa, Singapur ýaly 30 ýurtdan hökümet edaralaryndan we halkara guramalaryndan, şeýle hem 50 kompaniýadan wekiller gatnaşýar.
Ertir halkara forum öz işini dowam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.