SOCAR — «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara forumynyň premýer hyzmatdaşy

04:03 25.10.2023 8736

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8998/original-16537b44e4b825.jpg

SOCAR kompaniýasy 25-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) XXVIII halkara konferensiýasynyň we sergisiniň premýer-hyzmatdaşy hökmünde yglan edildi. Üç günlük çäre, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy şeýle-de iňlis kompaniýasy bolan GaffneyCline-iň goldawy bilen “Türkmen forum” HJ bilen bilelikde gurnalýar.

Ştab-kwartirasy Şweýsariýada ýerleşýän SOCAR 2007-nji ýylyň dekabrynda Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) marketing bölümi hökmünde hasaba alyndy. Ol Azeri-Çirag-Güneşli ýatagyndan we Azerbaýjanyň beýleki ýakyn ýataklaryndan alnan Azerbaýjanyň nebitini satmak maksady bilen döredildi. Şondan bäri bu kompaniýa halkara bazaryndaky gatnaşygyny ep-esli giňeltdi we häzirki wagtda Türkmenistan bilen nebit we nebit önümleri babatynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga eýe boldy.

SOCAR logistika amallaryna maýa goýmakda, nebit we üçünji tarap nebit önümlerini satmakda we nebiti gaýtadan işlemek işlerine gatnaşmakda möhüm ösüş gazandy. Şeýle hem bu kompaniýa, Gruziýada ýerleşýän Günbatar ugrunda nebit turbageçirijisi bilen (WREP), Türkiýede Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTC) we Russiýada Baku-Noworossiysk arkaly Azerbaýjan nebitini iberýär.

Hazar deňzinde bu kompaniýa söwda akymlaryny ýeňilleşdirmek üçin birnäçe fiziki infrastruktura taslamalaryna maýa goýdy we sebitde öndürilýän dürli derejeli nebit eksport akymlary üçin logistika merkezine öwrüldi. Gymmatlyk zynjyrynyň ähli basgançaklarynda bar bolan SOCAR, 2021-2033-nji ýyllarda ýeňil nebit we suwuklandyrylan tebigy gaz söwdasyny artdyrmak, nebit önümleri söwdasyny ösdürmek we Günorta we Gündogar Ýewropadaky gaz söwdasynda ornuny giňeltmek bilen has-da ösýär.

SOCAR, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Hazar deňzindäki Dostluk uglewodorod ýatagyny bilelikde gözlemek we ösdürmek boýunça iki hökümetiň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilenden soň, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň has-da möhüm rol oýnajakdygyna ynanýar.

Bu ýatak, Günbatara tebigy gaz eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açar. Onuň nebit gorlary takmynan 60 million tonna, tebigy gaz gory bolsa - 100 milliard kub metre barabardyr.

Iş toparynyň dördünji ýygnagynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda Hazar Dostluk ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça ylalaşygy taýýarlamak üçin bilelikdäki işde gazanylan üstünlikler bellendi.

SOCAR-yň OGT 2023-e gatnaşmagy, bu çärä gatnaşjak milli we halkara energiýa kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň indiki tapgyry bolar.

Iş toparynyň dördünji ýygnagynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda Hazar Dostluk ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça ylalaşygy taýýarlamak üçin bilelikdäki işde gazanylan üstünlikler bellendi.

SOCAR-yň OGT 2023-e gatnaşmagy, bu çärä gatnaşjak milli we halkara energiýa kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň indiki tapgyry bolar.

Başga makalalar
1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650967ab62bb5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.