Serdar Berdimuhamedow Bişkekde GDA-nyň Sammitine gatnaşýar
18:02 13.10.2023 4996
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkege iş saparynyň barşynda ýokary derejedäki kiçi düzümdäki duşuşyk bilen başlanan GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.
Kiçi düzümdäki duşuşykdan soňra taraplaryň hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň giňeldilen düzümdäki mejlisi geçiriler.
Sammitiň gün tertibi Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmek, dürli ulgamlarda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak we ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ýaly köp sanly meseläni öz içine alýar.
Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarusdan Aleksandr Lukaşenko, Gazagystandan Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystandan Sadyr Žaparow, Russiýadan Wladimir Putin, Täjigistandan Emomali Rahmon, Özbegistandan Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.