Nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

14:33 09.10.2023 6619

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8783/original-165240f555823a.jpg

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, onuň netijeli işini gazanmakda maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny hem-de pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Maksat Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, toplumyň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçl endi r mek, Tür kmenist an — Owganyst an — Pakist an — Hi ndist an halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak, gyş paslynyň golaýlamagy bilen howanyň dürli şertlerine görä, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, möwsümleýin işleri talabalaýyk alyp barmak, gazyň we nebitiň çykarylyşynyň netijeliligini artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, hünärmenleriň ýerlerde bolup, alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagynyň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew nebitgaz toplumynda ileri tutulýan ugurlary nygtamak bilen, nebitgaz ýataklaryny gözlemek we açmak, halkara kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek, iri taslamalary durmuşa geçirmekde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we beýleki wajyp wezipeler dogrusynda aýratyn durup geçdi.

Wise-premýer Batyr Amanow pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Başga makalalar
1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650967ab62bb5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.