Azerbaýjanyň wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
15:25 05.10.2023 9213
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň meselerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.