Türkmenistanyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň öňüsyrasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi
12:35 29.09.2023 4135
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde geçiren iş maslahatynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça geçirilen iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hususy düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyryljak iş saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda oňyn Bitaraplyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly orun berýär. Şu nukdaýnazardan, bu strategiýada Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Germaniýaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar uzak möhletleýin esasda ýola goýulýar. Ýokary tehnologiýalar, senagat, ulag we oba hojalyk ulgamlarynda özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiziň Germaniýa iş saparynyň maksatnamasynda «Merkezi Aziýa — GFR» görnüşinde duşuşygyň geçirilmegi, iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi esasynda dürli ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi babatda täze gözýetimleri açýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Germaniýa bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berýär we ony ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Iş maslahatynyň dowamynda hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, telekeçilik we medeni-ynsanperwer ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda işjeň giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilip, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen söhbetdeş boldy. Diplomat, öňi bilen, türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan Garaşsyzlyk baýramy hem-de bu şanly sene mynasybetli guralan giň möçberli dabaralar bilen gutlady we Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň şowly bolmagyny arzuw etdi.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler
Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.