Uzynadadaky täze guýy
05:59 26.09.2023 9014
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşýan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly geldiler.
Olar Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar känindäki 11 belgili gözleg guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlamagy başardylar. Bu täze guýuda aşaky gyzylreňk gatlaklarynyň 6 müň 736 — 6 müň 734 metr we 6 müň 728 — 6 müň 726 metr çuňluklaryndan senagat ähmiýetli nebit kondensatynyň hem-de tebigy gazyň akymy alyndy. Munuň özi Uzynada baýlyklar mesgenini özleşdirmegiň uly geljeginiň bardygyna ýene bir gezek güwä geçdi. Häzirki wagtda bu täze guýyny «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine tabşyrmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
— Garaşsyzlyk toýunyň öň ýanyndaky günlerde gazuw işlerini tamamlan guýymyzdan nebit kondensatynyň we tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymynyň alynmagy burawlaýjylarymyzyň buýsançly başlaryny hasam belende göterdi. Gazanylan üstünlige burawlaýjy Baýramgeldi Annaýew, burawlaýjynyň kömekçisi Begmyrat Sapargylyjow, dizelçi Arslan Rejebow ýaly halypalarymyz önjeýli goşant goşmagy başardylar. Şu günler bu ýatakda gazyljak 20 belgili täze guýyny burawlamaga ykjam taýýarlyk görýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly gelmegi başarandygymyza buýsanjymyzyň çägi ýok. Bize döwrüň ösen talaplaryna laýyk zähmet çekmäge dünýä nusgalyk mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys — diýip, «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň buraw başlygy Berdimyrat Agajanow aýdýar.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.