Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçiriler

11:45 21.09.2023 5407

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8671/original-1650bfcea74698.jpg

Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Bu barada 19-njy sentýabrda Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň “Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” ady bilen geçirilen ilkinji Maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Şeýle hem duşuşyga, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” atly parlamentara forumyny döretmek başlangyjynyň ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýonyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlendigini belledi.

Şu nukdaýnazardan, häzirki parlament ýolbaşçylarynyň forumynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda parlament diplomatiýasynyň ösmegine itergi berjekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň deňhukuklylyk, uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýän Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellendi. Şol bir wagtyň özünde, dürli derejelerdäki yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler taraplaryň netijeli gatnaşyklaryny has-da güýçlendirmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýar.

Foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki görnüşiniň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek üçin amatly pursatdygyny beýan etdiler we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek üçin parlamentara alyş-çalyşlaryň ähmiýetini tassykladylar.

Mejlisiň çäklerinde taraplar esasan Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk, şeýle hem sanly özgerişler pudagyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika, infrastruktura, suw çeşmelerini netijeli dolandyrmak, senagat diwersifikasiýasy, maliýe, bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlary sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Forumyň çäginde koreý tarapy Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň halklaryny birleşdirýän taryhy we medeni ýadygärliklere bagyşlanan fotosuratlaryň sergisini gurnady.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda däp bolan çaý içmek dabarasy guraldy. Wekiliýetiň ýolbaşçylary sergi bilen tanyşanlarynda, , “Saglyk çaýlary” tebigy ösümlik çaýynyň dürli görnüşleriniň, adaty türkmen gök çaýynyň, milli süýjülikleriniň, pişme, külçe, gawun kaky, çelpek, gatlama, şeýle hem türkmen önümçiliginiň her dürli süýjüleri, guradylan miweler, un we süýt önümlerini hödürleýän türkmen pawilionyna aýratyn gyzyklanma bildirdiler. 

Başga makalalar
1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650967ab62bb5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.